Her bir ýurduň medeniýeti, taryhy bilen sazlaşykda ösýän şekillendiriş sungaty älem gözellikleriniň genji hasaplanýar. Sungatyň ugurlarynyň köpdürli bolşy ýaly, olarda ýörelgedir, däp-dessurlar hem köptaraplaýyn bolýar. Sungatyň islendik görnüşine köňül beren adamyň öz edýän işine döredijilikli çemeleşmegini tebigylyk saýýarlar.