Her bir ýurduň medeniýeti, taryhy bilen sazlaşykda ösýän şekillendiriş sungaty älem gözellikleriniň genji hasaplanýar. Sungatyň ugurlarynyň köpdürli bolşy ýaly, olarda ýörelgedir, däp-dessurlar hem köptaraplaýyn bolýar. Sungatyň islendik görnüşine köňül beren adamyň öz edýän işine döredijilikli çemeleşmegini tebigylyk saýýarlar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary Şirin Akmämmedowanyň, „ Miras“ teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda „Suratkeşleriň eserlerinde Tanymal sungat işgärleriniň portretleri“ atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Tele ýazgyny alyp baran Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby “ Miras” teleýaýlymynyň alyp baryjysy Gynna Atdaýewa, Söhbetdeşlige gatnaşanlar Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň, Sungaty öwreniş kafedrasynyň mugallymy Göwher Saparmyradowa, Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýandaky ýörite çeperçilik mekdebiniň uly mugallymy Amanýaz Çaryýewa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni Ogulabat Kakalyýewa gatnaşdylar. Öňdebaryjy zenanlar ýurdumyzyň ösüşleri şekillendiriş sungatynda gazanylýan üstünlikler dogrusynda täsirli söhbet etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň zenan kalbyndan çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.