Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda Milli şekillendiriş sungatynda hem uly üstünlikler gazanylýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde baýramçylyk, şahsy döredijilik sergileri yzygiderli geçirilýär. 2023-nji ýylyň dekabr aýynyň 13-ne, zehinli ussat suratkeş Nurberdi Annagurbanowyň döredijilik sergisi geçirildi.