TÜRKSOÝ tarapyndan üstümizdäki ýylyň Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip, yglan edilmegi halkymyzyň buýsançly taryhynyň şan-şöhratyndan habar berýär. Ýakynda, 31-nji ýanwarda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň «Türkmenistanyň gadymy sungaty» bölüminde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 4-nji ýyl talyby, «Miras» teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Gynna Atdaýewanyň alyp barmagynda «Änew şäheri – Türki dünýäniň medeni paýtagty» atly tegelek stol söhbetdeşligi geçirildi.