Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlyklarynda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýan ynsan saglygy barada alada ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen „Saglyk“ döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda Bütindünýä saglyk güni uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Ynha bu gün hem biziň sungat ojagymyz bolan Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýinde aprel aýynyň 7-sine bellenilýän bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Saglygym baýlygym” atly sergi gurnaldy.