Söhbetdeşlik.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlyklarynda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy hasaplanýan ynsan saglygy barada alada ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmak bilen „Saglyk“ döwlet maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Her ýylda ýurdumyzda uly dabara beslenip geçirilýän “Bütin dünýä saglyk güni” mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, „Miras“ teleýaýlymynyň gurnamagynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligi Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň talyby „Miras“ teleýaýlymynyň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Aýperi Mollaýewa alyp bardy şeýle-de Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniweristetiniň Jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň mugallymy Annagözel Çaryýewa Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň, baş hünärmeni Ogulabat Kakalyýewa gatnaşdylar. Täsirli söhbetdeşlikde öňdebaryjy zenanlarymyz ynsan saglygyny gorap saklamak raýatlaryň saglygyny berkitmäge gönükdürlen alyp barýan uly işeri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza zenan ýüreklerinden çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa