Müňýyllyklaryň dowamynda halklary özara baglanyşdyryp gelýän şekillendiriş sungaty Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe has-da kämilleşdirilýär. Alnyp barylýan dost-doganlyk gatnaşyklary döwrebap şekillendiriş sungatymyzyň halkara derejesinde ösmegine medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä ýaýylmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pragy ýylymyzda, Milli Şekillendiriş sungatynyň taryhynda öçmejek yz goýmagy başaran suratkeş Aýhan Hajyýewiň döredijiligini Magtymguly Pragysyz göz öňüne getirmek mümkin däl.
Türkmenistanyň halk suratkeşi, professor Aýhan Hajyýewiň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýylyň 25-nji aprelinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde „Pyragydan Ruhlanan Ussat“ atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler beýik şahsyýetleriň, ussat suratkeşleriň manyly ömür ýollaryny baý döredijiligini öwrenmekde olary geljek nesillere ýetirmekde döwletli işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.