Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda göçme sergi.

1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli eziz diýarymyzyň dürli künjeklerinde giň gerimde geçirilýän jemgyýetçilik çäreleri, aýdym-sazly dabaralar, gurnalýan ajaýyp sergiler gahrymanlarymyza goýulýan belent sarpadan habar berýär. Beýik Ýeňşiň 78 ýyllyk şanly toýy mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda göçme sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gaznahanalarynda saklanylýan ussat halypa suratkeşleriň Watançylyk, gahrymançylyk , uruş ýyllaryna degişli dürli tamalarda çekilen sungat eserleri sergilendi. Olardan Öwwäýew Çary „Hiç kim ýatdan çykanok-Hiç zat unydylanok“, Çerwýakow N.T „Minutlyk dynç alyşda“ Şahberdyýew Hoşgeldi „Ugradyş“ Sosnin Georgiý „Urşuň esgeri“ atly reňkleriň sazlaşygyndan dörän täsin nakgaş eserleri sergini synlanlarda ýakymly duýgulary döretdi. Sergä gatnaşanlar asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklarymyzy nusgalyk ýörelgelerimizi dowam edip olary geljek nesillerimize ýatirmäge giň ýollar açýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny ýürekden çykýan buýsançly sözlerini beýan edýärler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa