Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Ýurdumyz bedew bady bilen ösüşlere beslenýär. Toýly Diýarymyzda dürli baýramçylyk dabaralary, döredijilik duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp öz saýlap alan kärlerini öwrenýärler.Ýurdumyzyň taryhy wakalaryny öz nusgawy eserlerinde beýan edip gelýän suratkeşleriň döredijiligini Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde synlap bolýar. 2023-nji ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Halypa-şägirtlik ýoly” atly sergi açylyp halk köpçüligine hödürlendi. Sergini muzeýiň direktory Ismail Orazow açyp, sergini açylyş dabarasyny gutlamak üçin gelen myhmanlara söz nobatyny berdi. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti – Döwrangeldi Agalyýew, Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň artisti, Türkmenistanyň at gazanan artisti – Gülşirin Annamyradowa hem-de Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynyň artisti Gülnabat Abdullaýewa gatnaşyp serginiň açylyşy bilen gutladylar. Serginiň açylyş dabarasy “Miras” hem-de “Türkmenistan” teleýaýlymlary tarapyndan ýazgy edildi. Ussat suratkeşleriň döredijiliginde “Halypa-şägirtlik ýoly” temasyna degişli eserler bu günki sergide öz ornuny tapdy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Mämmet Mämmedowyň, Türkmenistanyň halk suratkeşi Durdy Baýramowyň eserleri sergide ähmiýetli ornuny tapdy. Ýurdumyzyň asudalygyny, parahatlygyny we bagtyýar durmuşyny, şeýle hem gündeki durmuşy wasp eden nusgawy şahyrlaryň, aktýorlaryň, aýdym-saz ussatlarynyň keşpleri şu sergide sergilenen eserlerde janlanýar. Mundan başga-da sergide ýurdumyzyň ussat heýkeltaraşlarynyň döreden heýkel eserleri görkezilýär. Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Alekseý Şetininiň, Türkmenistanyň halk suratkeşi Juma Jumadurdynyň, Türkmenistanyň halk suratkeşi Saragt Babaýewyň, Türkmenistanyň halk suratkeşi Seýitguly Artykmämmedowyň, heýkel eserleri hakykylygy, plastiki dogrylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Häzirki günde ylymly ýaşlar hem öz gezeginde ýylyň başlanmagy bilen öz aýdymlary, sazlary, sungat eserleri bilen goşant goşýarlar. Şeýle oňaýly şertleri döredip berýän Hormatly Prezidentimiziň ynamyny ödäp muzeý işgärleri hem öz gezeginde türkmen sungatynyň taryhyna giren nusgawy eserleri sergä çykaryp, dürli ähmiýetli döredijilik duşuşyklary hem geçirip geljekki ýaş nesil suratkeşlere nakgaşçylyk, heýkeltaraşlyk, grafika we amaly-haşam sungatyny synlap özleşdirmekleri üçin mümkinçilik döredýärler. Bagtyýar durmuşda ýaşaýan halkymyzda ähli ugurlarda halypa-şägirtlik ýoly mundan beýläk hem dowam bolsun. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan syýasatlary rowaçlyklara beslensin.