Jadyly akwarel we kümüş ýalkymy atly sergi.
Milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň dünýä ýaň salýan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe milli şekillendiriş sungatymyz gülleýär gül açýar. Eziz diýarmyzyň gözeligini, halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyny reňkleriň dilinde sazlaşygynda beýan edýän nakgaşçylyk sungatynyň Şazenany diýip atlandyrylýan akwarelde döredilen ajaýyp eserlerden 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 5-ne Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik Akademiýasynyň we Türkmen Döwlet Ýörite Çeperçilik mekdebiniň halypa mugallymlary we olaryň şägirtleri akwarel we zergärçilik sungatynyň «Jadyly akwarel we kümüş ýalkymy» atly sergini gurnadylar. Nakgaşçylygyň iň näzik görnüşi bolan akwarelde döredilen täsin eserler sergini synlanlarda ýakymly duýgulary döretdi. Zehinli suratkeşler, halypalar bagtyýar talyplar şeýle hem sergä gatnaşanlar sungatymyzyň Hak Howandary Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.