Ylmy maglumatlar boýunça edilen çykyşlar.
Ylmyň we bilimiň gülläp adamzat jemgyýetini kämillige tarap alyp barýan ýyllarynda «Pähim-Paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylmyzda 2024-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, muzeýiň direktory I.Orazowyň ýolbaşçylygynda şeýle-de muzeý hünärmenleriniň, ylmy işgärleriniň gatnaşmagynda ylmy maglumatlar boýunça çykyşlar diňlenildi. Çykyşlarda: Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ylmy-barlag bölüminiň esasy ylmy işgäri Bakyýewa Jemal, baş hünärmen Babaýew Nurýagdy şeýle hem Usulýet işleri bölüminiň esasy usulçysy Rejepowa Leýli, Mahabatlandyryş neşir edijilik bölüminiň hünärmeni Gulowa Oguljemal öz ýazan ylmy maglumatlary dogrusynda täsirli çykyşlar etdiler. Ylmy maglumatlarda Halypa suratkeşleriň manyly ömür ýollary baý döredijilikleri barada giňişleýin we anyk maglumatlar berilýär. Ussat hünärmenler, muzeý işgärleri milli mirasymyzy öwrenmäge mukaddes ojak bolan muzeýleriň işlerini kämilleşdirmekde döwletli işleri amal edýän Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.