Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň suratkeşleriniň «Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk!» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi
Bu gün Garaşsyz hemişelik Bitarap ýurdumyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Garaşsyzlygyň XXXIII ýyllyk şanly baýramçylyk toýuny toýlaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Watanymyzda bolup geçen we dowam edýän özgertmeler her birimiziň bagtyýar şu günümiziň we geljegiň hatyrasyna badalga berlen beýik işleriň dürdäneleri, mysaly sazlaşykly düzülen ajaýyp gymmatlyklardyr. Döwlet Garaşsyzlygy, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi durmuşyň ygtybarly kepiline öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylan düzümleýin özgertmeleriň netijesinde Türkmenistanyň ykdysadyýeti öz ösüşiniň hil taýdan täze tapgyryna gadam basdy. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda işlenip düzülen milli maksatnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi syýasy ulgamyň has-da kämilleşmegini, ykdysadyýetiň yzygiderli ösdürilmegini, azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegini, ýaşaýyş-durmuş ulgamynyň ösmegini, milli saglyk ulgamynyň berkemegini, bilimiň, ylmyň we medeniýetiň derejesiniň has hem ýokarlanmagyny şertlendirýär. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde hem ýurt Garaşsyzlygynyň şanly XXXIII ýyllygy mynasybetli toýdyr, dabaralara beslenip geçirilýän «Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk!» atly baýramçylyk sergisinde şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň waspyny ýetirýän ajaýyp eserleri öz ornuny tapdy.