Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary ýogy 32 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Asmanymyzyň asudalygy, gündüzleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň “Döwlet – adam üçindir!” diýen şygarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Bu gün Türkmenistan, türkmen halky Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli «Arkadag Serdarly Watanyň şöhraty Garaşsyzlyk!» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, şeýle hem ýurdumyzyň suratkeşleriniň mukaddes Garaşsyzlygymyza bagyşlap döreden eserleriniň sergisi gurnaldy.
Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ähli künjeklerinden myhmanlar gatnaşdylar. Garaşsyzlyk türkmen sungatynyň wekillerine täze öwüşgin, täze çeperçilik bilen galkyndyrýan eserleri döretmäge itergi berdi. Döredilýän eserler gadymy döwrüň çeperçilik däplerini gaýtadan işläp täsirli mümkinçilikler esasynda döwrüň waspyny şöhlelendirýär. Ol eserlerde şöhratly taryhymyz, milli gymmatlyklarymyz, däp-dessurlarymyz, bedew batly Watanymyzyň ösüşiniň her bir güni, Ak şäherlerimiziň gözelligi täze öwüşgin, täze çeperçilik serişdelerde beýan edilýär.
Türkmen halkynyň milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we Arkadagly Serdarymyzyň dowamaty bilen milli şekillendiriş sungatymyzyň ähli görnüşleri döwür bilen aýakdaş sazlaşyp arassa dünýämize nur çaýýar.