Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde bolup geçen we dowam edýän ösüşdür özgertmeler türkmeniň bagtyýar şu gününiň we geljeginiň hatyrasyna badalga berlen beýik işleriň aýdyň mysalydyr. Hormatly Prezidentimiz enelerimize zenanlarymyza aýratyn uly hormat goýýar, her ýylyň mart aýynyň 8-ne Halkara zenanlar güni ýokary derejede bellenip geçilýär. 2024-nji ýylyň 5-nji martynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde göçme sergi gurnaldy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ajaýyp sungat eserlerinden Аlmämmedow A. «Halyçylar », A.Hajyýew «Türkmeniň ajaýyp nusgalaryny döredenler», K. Orazdurdyýew, « Men parahatçylygy wasp edýärin», G.Annamyradowa, «Garagumda düýeler». J.Aýdogyýewa, « Meniň Garaşsyz Watanym» atly işleri sergilendi. Sözsüz sungatyň öwüşgünleri bolan täsin eserler sergini synlanlarda uly täsir galdyrdy. Türkmen halkyny eşretli durmuşda ýaşadýan Hormatly Prezidentimize alkyşlaryny beýan edýärler.