«Merdana nesil – 2024» atly bäsleşigiň şäher tapgyrynda göçme sergisi

Ýurdumyzda ýaşlaryň beden taýdan berk, ruhy taýdan ösen, edepli-terbiýeli bolup ýetişmeklerini gazanmak, şeýle-de ösüp gelýän ýaş nesilleriň sungat äleminde zehinli bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Her ýyl ýurdumyzda 3-5 synp okuwçylaryň arasynda yglan edilýän «Merdana nesil» bäsleşiginiň şäher tapgyry paýtagtymyzyň 88-nji orta mekdebinde geçirildi. Bu bäsleşigiň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi özüniň göçme sergisini gurady. Sergide M.Kakabaýewiň «Gyjaklar we tüýdükler», G.Annamyradowanyň «Garagumda düýeler», Ç.Öwwäýewiň «Gulbabanyň portreti», R.Annanurowyň Ene «Maşgala» ýaly sungat eserleri görkezildi. Bäsleşige gatnaşan çagalar döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Ozalky sahypa Indiki sahypa