Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen bilelikde Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyp ýaşlary online duşuşyk geçirildi. Wirtual syýahat barada muzeýiniň direktorynyň orunbasary Käkilik Öwezberdiýewa çykyş etdi. Online duşuşygy «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň muzeýlerinde işe girizilen “Wirtual syýahat” taslamalary muzeý gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzünde giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolýar.