Türkmen döwlet maliýe institutynyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli muzeý ekspozisiýasynda gezelenç etdiler. Gezelenjiň dowamynda talyp ýaşlar türkmen halkynyň durmuşynda bedew-atlaryň aýratyn orun eýeländigi, toý gününde at çapdyryp, Watana howp abananda bedew atlaryna atlanyp öz topraklaryny gorandyklary, bedew atlarynyň wepalylygy, gaýratlylylygy, owadanlygy, çydamlylygy barada suratkeşlerimiziň ýerine ýetiren işleri bilen tanyşdylar.