«Bedew at – halkyň myrady»

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Türkmen döwlet maliýe instituty bilen bilelikde «Bedew at – halkyň myrady» atly duşuşyk maslahatyny gurnady. Maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Duşuşyk «Altyn asyr» Türkmenistan teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, şol teleýaýlymyň alyp baryjysy Gurban Berdigurbanow alyp bardy. Duşuşygyň dowamynda institutyň professor-mugallymlary türkmen halkynyň köptaraply taryhy medeniýetiň eýesidigini, şolaryň arasynda şan-şöhraty dünýä dolan türkmeniň ahal-teke bedewleriniň hem-de ajaýyp atşynaslyk sungatynyň mynasyp orun eýeleýändigi dogrusynda gürrüň berdiler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa