Tegelek stol ýazgysy

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp kitap sergisi gurnaldy. Serginiň çäklerinde tegelek stol ýazgysy geçirildi. Gepleşik «Altyn Asyr» Türkmenistan teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, şol teleýaýlymyň alyp baryjysy Gurban Berdigurbanow alyp bardy. Gepleşikde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiň baş gazna saklaýjysy Mähri Atdaýewa, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bölüm müdiri Mekan Hojamyradow, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň hünärmeni Maýsa Atabaýewa, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanasynyň hünärmeni Rahymberdi Rejepow dagylar çykyş etdiler. Söhbetdeşlik Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirildi.
Ozalky sahypa Indiki sahypa