«Döwlet guşy» atly döredijilik bäsleşiginiň sergisi

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň medeniýete, sungata goýýan çäksiz sarpasy netijesinde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalarynyň, ýurdumyzyň belli suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň, külalçylarynyň häzirki zaman eserleriniň hem-de “Döwlet guşy” atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi. Sergide ýurdumyzyň ussat suratkeşleriniň, heýkeltaraşlarynyň we külalçylaryň döreden ajaýyp sungat eserleri özüniň mynasyp ornuny tapýar. Ýaş ussatlaryň hem Türkmenistanyň owadan tebigatyny, taryhy ymaratlary we oba görnüşlerini, türkmen halkynyň gündeki durmuşyny özara baglanyşýan reňkleriň üsti bilen wasp etmekleri sergä ajaýyp öwüşgin berýär. Sergide milli öwüşgünde döredilen ajaýyp keramika eserleri, türkmen gelin-gyzlarymyzyň milli lybaslarda görkezilmegi, bereketli topragymyzda önüp-ösýän nar görnüşli eserler, ösümlik dünýäsine aralaşdyrýan nagyşlar bilen bezelen tabak we güldanlar, milli şaý-sepler bilen bezelen güldanlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Halkymyzyň ähli ugurlarda bolşy ýaly medeniýetimiziň gülläp ösmeginde halypa-şägirtlik ýoluny dowam edýän ýaş nesiliň döredijilikleri üstünliklere beslensin! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan syýasatlary rowaç alsyn!
Ozalky sahypa Indiki sahypa