Göçme sergi.

Mähriban Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde, 2023-nji ýylyň 22-nji awgustynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzalygyna kabul edilmegi mynasybetli dabara geçirildi. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sungat eserlerinden Ý. Baýramowyň “Gadymy Nusaý topragynda baýramçylyk”, D. Baýramowyň “Ene Kuliýewanyň portreti”, M. Ataýewanyň “Hereket”, güldan atly eserleri sergilendi. Türkmen jemgyýetini kämillik ýoly bilen öňe alyp barýan, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan saglyk, uzak ömür, beýik işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa