Göçme sergi.

Hormatly Prezidentimiziň döwletli ýolbaşçylygynda asuda diýarymyzyň her bir güni taryhy ösüşlere beslenýär. 2023-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistan-ÝUNESKO: abadançylygyň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly dabaraly maslahat geçirildi. Dabaranyň çäklerinde, Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sungat eserlerinden Türkmenistanyň halk suratkeşi A.Hajyýewiň “Türkmen gözelligini döredijiler” atly we beýleki ajaýyp sungat eserleri sergilendi. Dabaraly maslahata gatnaşanlar medeni mirasymyzy gorap saklamak ony geljek nesillere ýetirmekde taýsyz tagallalary üçin Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny aýydýarlar!
Ozalky sahypa Indiki sahypa