Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda» eziz diýarmyz taryhy wakalara beslenýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde 2023-nji ýylyň 9-njy-awgustynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi bilen bilelikde “Alaja - ýüpekçilik sungaty” atly sergi hem-de tele ýazgy geçirildi. Ony Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Humaý Ataýewa alyp bardy. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni, Ilkinji Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy Laçyn Tosyýewa hem-de myhmanlar täsirli çykyş etdiler. Medeniýetimiziň we sungatymyzyň Hak howandary Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, tutýan döwletli işleri rowçlyklara beslensin!