Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça her ýyla at bermek ajaýyp däbe öwrüldi. Onuň şygarynda milli ösüşiň täze tapgyrynyň esasy ugurlarynyň yglan edilmegi watançylyk ruhunyň belende galmagyna we her bir raýatyň ýurdumyzda alnyp barylýan ägirt uly işlere şahsy goşant goşmaga höwesiniň artmagyna ýardam berýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde “Arkadag şäheri - bagtyň şäheri” atly aýdym – sazly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gymmatlyklaryndan düzülen ajaýyp eserlerinden göçme sergisi gurnady. Türkmen nakgaş sungaty eserlerinden S.Ýaranowyň “Işçi topar”, A.Saurowyň “Siren”, türkmen heýkeltaraş sungaty eserlerinden A.Ataýewiň “Gopuzçy gyz”, G.Ýarmämmedowyň “Üzümli gyz”, türkmen keramika sungaty eserlerinden A.Taganowyň “Bezeg güldan”, G.Babaýewiň “Galkynyş”, S.Muhammedowanyň “Tawus” ýaly birnäçe eserleri sergilendi. Hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň agzybirlikde çekýän zähmeti netijesinde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyryp, bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak üçin döredip berýän mümkinçiliklerine köp sag bolsunlar aýdyldy.