“Döwletli döwran ” atly tegelek stol ýazgysy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde her ýyly döwrebap atlandyrmak asylly däbe öwrüldi. Şol däbe eýerip Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly mynasybetli “Döwletli döwran ”atly tegelek stol ýazgysy geçirildi. Ýazgy “Altyn asyr” Türkmenistan: teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, ýazga Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmenleri Mähri Atdaýewa, Gültaç Şammyýewa, Söýün Sähetgylyjow gatnaşdylar. Gepleşik bagtyýar zamanamyzda amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen. Muzeýde geçirilýän duşuşyklaryň, sergileriň açylyş dabaralarynyň terbiýeçilik ähmiýeti dogrusynda bellenildi. Ýaşlary hakyky watançylyk, ynsanpewerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Arkadagly Serdarymyzyň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesi mynasyp dowam etdirilýändigi dogrusynda çykyş edildi. Gepleşige gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.