“Gadamyň mübärek bolsun, täze ýyl!” atly sergi
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy esasynda, eziz Watanymyzda parahatçylyk babatda gazanylýan üstünlikleri barada şeýle-de döwlet derejesindäki milli baýramçylyklarymyz, şanly senelerimiz, türkmen halkyny bir supranyň başyna jemleýär, supra başyna jemlenmek il agzybirligini, jebisligini, ýurt parahatçylygyny dabaralandyrýan, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda Täze ýyl baýramçylygy ýagşy arzuw-niýetlere beslenip garşylanýar. Täze ýyl baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Gadamyň mübärek bolsun, täze ýyl!” atly sergi gurnaldy. Sergide halypa suratkeşler, ajaýyp peýzažlaryň awtorlary, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgärleri Wladimir Pawloskiýniň “Ilkinji garjagaz”, Iwan Ilýiniň “Göterilen tarp ýer”, Ýewgeniý Grişiniň “Gyş güni”, Gennadiý Babikowyň “Garry yzçy”, Stanislaw Babikowyň “Üzümçilik meýdany gyş paslynda” atly ýerine ýetirilen nakgaş eserleri hem-de Türkmenistanyň halk suratkeşi Maral Ataýewanyň “Agşam”, “Küýze”, Gülara Babaýewanyň “Galkynyş” keramika eserleri ýerleşdirilen. Täze ýyl biziň öýlerimize rysgal-döwlet, kalbymyza şatlyk, ruhumyza täze umytlary getirýär. Dabara gatnaşan myhmanlar ähli türkmen halkyny, Arkadagly Serdarymyzy ýetip gelýän 2023-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutladylar.