Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly mynasybetli sergi
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde gözel Diýarymyzda toýdyr dabaralaryň sany gün-günden artýar. 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýip atlandyrylmagy mynasybetli Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň “Ýer ýüzüniň çagalaryna şar sowgat”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Saparmämmet Meredowyň “Kalbymyň beýany”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Muzaffar Daneşwaryň “Ekzamen”, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Gennadiý Babikowyň “Welosipedçiler”,Türkmenistanyň halk suratkeşleri Ýakup Annanurow we Ýewgeniýa Adamowa şeýle hem suratkeş Pýotr Tutinasow dagylaryň eserleri görkezildi. Muzeýimiziň gaznasyndan sergilenen heýkel we keramiki eserler her bir serginiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Heýkeltaraşlar Abdymuhammet Oramadowyň, Zinaida Şulženkonyň, Amangeldi Hydyrowyň, Ata Ataýewyň, Gylyçmyrat Ýarmämmedowyň, Muhammet Ýuzbaşewyň köp sanly heýkeltaraşlaryň şeýle hem keramiklar Maral Ataýewanyň, Annameret Taganowyň, Gülara Babaýewanyň döreden ajaýyp eserleri hem sergide aýratyn orun eýeleýär.Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly mynasybetli ýurdumyzda dürli baýramçylyk çäreler, maslahatlar hem geçirilip dur. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan syýasatlary rowaçlyklara beslensin.