Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli “Garaşsyz Diýarym — mähriban Watan!” atly sergi

Garaşsyzlyk halkymyzyň milli buýsanjydyr. Halkymyzyň Garaşsyz döwlet barada köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwynyň hasyl bolanyna şu ýyl 32 ýyl bolýar. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 32 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Garaşsyz Diýarym — mähriban Watan!” atly sergisi gurnaldy. Sergi Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň talyp ýaşlarynyň we halypa suratkeşleriň, ussat heýkeltaraşlaryň döredijilik işleri bilen baýlaşdyrylan. Sergide merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy ýüreklerinde beslän arzuw-umytlary, erk-islegleri nesil dowamatynda täze ruhda, täze öwüşginde, Garaşsyzlygymyzy wasp edýän döredijilik eserleri görkezilen. Garaşsyzlyk nury halkyň bagtyýar ertirine uzaýan ak ýoluna baky öçmejek ýalkym saçdy. Halkymyzyň asuda, parahat, ruhubelent durmuşda ýaşamagy üçin uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin. Türkmen halkynyň Garaşsyzlyk baýramy gutly mübärek bolsun!
Ozalky sahypa Indiki sahypa