Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parla sen ýaşyl baýdagym!» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Maslahat «Miras» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiň direktorynyň ylmy işler boýunça orunbasary K.Öwezberdiýewa, maslahaty alyp bardy. Maslahatda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty B.Myradowa, Türkmenistanyň Mejlisiniň hünärmeni A.Weliýewa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň taryh we arheologiýa institutynyň uly ylmy işgäri T.Ataýewa, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymy J.Baltaýewa, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy Ç. Pürsýanow dagylar çykyş etdiler we hünärmenler bilen gyzykly söhbetler boldy.