Söhbetdeşlik.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwriniň her bir güni bagtyýarlyga beslenýär. Eziz topragymyzdan önýän gök bakja önümlerimiz şirinden-şeker datly gawundyr, garpyzlarymyz döwletli saçaklarmyzyň bezegi bolmak bilen halkymyzyň bolelin ýaşaýşyndan habar berýär. Milli ruhumyzyň arşa göterilýän eýýamynda medeniýet we sungat wekilleri özleriniň döredýän ajaýyp eserlerinde mukaddes topragymyzy, zähmetsöýer babadaýhanlarmyzyň asylly işlerini asuda diýarmyzyň keşbini aýdyň beýan edýärler. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Hasyl baýramy mynasybetli söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige muzeýiň hünärmenleri Perhat Kakabaýew, Hallygözel Şanazarowa, Mähri Ataýewa gatnaşdylar olar öz çykyşlarynda ýurdumyzyň bereketli topragy watan mukaddesligi şeýle-de her ýylda uly dabara bilen bellenip geçilýän Hasyl baýramy barada täsirli gürrüňler berdiler. Hünärmenler döwletli döwranda ýaşadýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa