Mukaddes topragymyzda önýän galla we gök bakja önümlerimiz ata watanmyzyň, ene topragymyzyň berekediň we bolçulygyň mekanydygyndan habar berýär. Babadaýhanyň alyn deriniň çeken zähmetiniň miwesi bolan bereketli hasylyň toýy ýurdumyzda uly dabara bilen bellenilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde hasyl baýramy mynasybetli sergi gurnaldy. Sergide A. Hajyýewiň «Pagtaçylara ylmy kömek», K. Seýitmuhammedowyň „Üzüm ýygymy“, S. Babikowyň „Güýz üzüm ýygymy“ atly eserleri şeýle-de heýkeltaraşlar Ç. Durdyýewiň „ Miweler“, M. Ýüzbaşowyň „Hasyl baýramy“, atly heýkel eserleri sergilendi. Ajaýyp sungat eserleri sergä gatnaşan talyp ýaşlarda hem-de myhmanlarda ýakymly täsir galdyrdy. Dabara gatnaşanlar halkymyzy bolelin bagtyýar durmuşda ýaşadýan, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň tüýs ýürekden çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.