“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzyň sungaty we medeniýeti uly ösüşlere beslenýär. Asuda, parahat asmanyň astynda ýaşaýan halkymyzyň mundan beýläk hem bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin Watanymyzy goran gerçekleri ýatlap her ýylda Watan goragçylarynyň güni bellenip geçirilýär. 2023-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Watan goragçylarynyň güni mynasybetli “Asuda asmanym abadan ýurdum!” atly sergi gurnaldy. Sergini muzeýiň direktory I.Orazow açyp baýramçylyk bilen gutlady. Sergä Türkmenistanyň Serhet institutynyň Ylym bölüminiň müdiriniň orunbasary – Yhtyýar Ulukow şeýle-de şol institutyň harby talyplary gatnaşdylar. “Ýaşlyk” teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Sergide muzeýiň gaznalarynda saklanýan ussat suratkeşleriň Watan goragçylaryna bagyşlap döreden birnäçe eserler toplumy görkezilýär. Mundan başga-da sergide serhetçileriň durmuşy suratlandyrylan grafiki eserler, atyň üstünde söweşe barýan esgerleriň, ene topragyna gaýdyp gelen watan goragçylarynyň keşpleri döredilen heýkel we keramiki eserler sergilenen. Geljekde Garaşsyz ýurdumyzda bagtyýar, asuda günlerde ýaşamak üçin Arkadagly Serdarymyzyň ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin. Şeýle ajaýyp ýurtda bagtyýar döwürde ýaşaýan nakgaş, grafik, heýkel we keramik ussatlar nusgawy taryhy eserleri döredip halka ýetirmek borjydyr.