Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzasy Gülşat Annamyradowanyň döredijilik sergisi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen ösüşlere beslenýär. Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty ussat suratkeşleriň döredijiligi bilen uly ösüşlere ýetdi. Türkmen halkymyzyň taryhy wakalaryny, tebigatyny we milliligini dürli reňkleriň üsti bilen ýazylan eserlerde görmek bolýar. Bu gün hem Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzasy Gülşat Annamyradowanyň döredijilik sergisi gurnaldy. Ýaş zehinli suratkeşiň her bir eserinde türkmen topragyna bolan söýgisi duýulýar. Şeýle ajaýyp eserleri bilen suratkeş 2017-nji ýyldan bäri Döwlet derejesindäki sergilere işjeň gatnaşyp başlapdyr. Gülşat Annamyradowa 2022-nji ýylda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzasy bolýar. Suratkeşiň eserleri Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şekillendiriş sungaty muzeýinde hem saklanýar. Garagumyň gözelligi, al-asmanyň ajaýyp öwüşgünleri, tebigatymyzyň gözel künjekleri suratkeşiň eserlerinde jemlenýär. Gahryman Akradagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan il-ýurt ähmiýetli syýasatlary netijesinde şeýle ajaýyp sungaty döretmek üçin her bir suratkeş üçin oňaýly mümkinçilikler döredilen.
Ozalky sahypa Indiki sahypa