Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň zenan sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda “Nakgaşçylyk we onuň jemgyýeti goramakdaky orny” atly döredijilik maslahaty.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýetde, sungatda uly üstünlikler gazanylyp täze-täze sepgitlere ýetildi. Türkmenistanyň dostlukly daşary ýurtlarda we daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky ilçihanalary bilen bilelikde döredijilik duşuşyklar, medeni çäreler we maslahatlar guralýar. Bu gün hem Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Eýran Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň zenan sungat ussatlarynyň gatnaşmaklarynda «Nakgaşçylyk we onuň jemgyýeti goramakdaky orny» atly döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň medeniýet meseleleri boýunça geňeşçisi Nawid Rasuli gatnaşyp, nakgaşçylyk we onuň jemgyýetini goramak hakynda bir näçe gürrüňleri beýan etdi we alynyp barylýan işleri netijesinde Şekillendiriş sungaty muzeýine öz minnetdarlygyny aýtdy. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan daşary we içeri syýasatlary rowaçlyklara beslensin!
Ozalky sahypa Indiki sahypa