Göçme sergi.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde, ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynda hem uly ösüşler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýamynyň galkynşy döwründe, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy hünär öwrenmegi hakyky watançy ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň gerimli işler durmuşa geçirilip gazanylýan üstünlikler taryhyň gatlaryna ebedi altyn harplar bilen ýazylýar. Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde 2024-nji ýylyň 19-njy martynda, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýerleşýän sungat eserlerinden sergi gurnaldy. Sergide Grişin Ý.P. «Bahar», Adamowa Ýewgeniýa Mihaýlowna „Irisler“, S.Rahmanowa „Mollanepes“, M.Kakabaýew „Ak bugdaý“, A. Kuliýew „Magtymguly atamyza hormat“ A.Taganow „Şarlawuk“ atly eserleri sergilendi. Eserler Halypa mugallymlarda, talyp ýaşlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Bagtyýar talyp ýaşlar halypa mugallymlar ylym-bilim almaga, halal zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize Arkadagly, Gahryman Serdarymyza ýürek buýsançlaryny beýan edýärler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa