Göçme sergi

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky ýöriteleşdirilen bank mekdebinde muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergisini gurnady. Sergide ussat suratkeşler H.Allaberdiýewiň «Garagum», H.Rejepowyň «Bathyz», M.Kakabaýewiň «Ýedigen», S.Meredowyň «Türkmen ýaýlasynyň owazy» ýaly birnäçe ajaýyp eserler sergilendi. Dabara gatnaşan talyp ýaşlar okamaga, döretmäge döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Ozalky sahypa Indiki sahypa