Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi aprel aýynyň 17-ne S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýyly mynasybetli, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlaryň waspy şekillendiriş sungatynda» atly muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi gurnady. Sergide halypa ussat suratkeşler Ý.Annanurowyň «Güller», Ý.Grişiniň «Bahar gülleri», A.Saurowyň «Aýdym hem pagta», H.Rejepowyň «Bathyz» ýaly birnäçe eserler toplumy görkezildi.