Taryhy köklerimize nazar aýlanymyzda halkymyzyň ruhy dünýäsiniň egsilmez hazyna baýdygyna düşünýäris. Keremli topragymyzada ýaşan ata-babalarymyz geljek nesillerimiz üçin hiç wagyt ýitmejek gymmatlyklary miras galdyrypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz diýarymyzda ýaşlaryň ylym-bilim almagy hünär öwrenmegi üçin giň dünýägaraýyşly watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Türkmen Demirýollary agentliginiň Aşgabat şäherindäki Demirýol ulaglary orta hünär okuw mekdebinde, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň gazanahanlarynda saklanýan gymmatly sungat eserlerinden göçme sergi gurnaldy. Grişin Ý.P.,«Bahar gülleri» Ilýin Iwan Illarionowiç. «Magtymguly» M.Kakabaýew «Bol saçak» Ý.Adamowa «Her zat etseňizem okaryn» S.Muhammedowa «Tawus» G.Annamyradowa «Garagumda düýeler» atly ajaýyp sungat eserleri sergilendi. Sergi talyp ýaşlarda şeýle-de halypa mugallymlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Ýürekleri watan söýgüsinden doly ýaşlar okamaga, döretmäge, zähmet çekmäne giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan edýärler.