Muzeý ýygyndysynyň rus sungatyna degişli eserleriniň iň irkileri XVII asyryň ahyrlarynda döredilen eserlerdir. Pýotr I rus jemgyýetiniň başyny başlan hem rus sungatyna özüniň uly täsirini ýetiripdir.
Muzeýiň ýygyndysynda Günbatar Ýewropa sungatyna degişli Italiýa, Fransiýa, Gollandiýa, Angliýa, Ispaniýa we Germaniýa ussatlaryň XIV-XIX asyrlardaky nakgaş, heýkeltaraşlyk eserleri, farfor önümleri ýerleşdirilendir.
50-nji ýyllarda zehinli nakgaşlar A.Hajyýew, A.Kuliýew, N.Dowodow, Ý.Annanurow, Ý.Adamowa, A.Amangeldiýew we beýlekiler işjeň döredijilik bilen meşgul bolan suratkeşlerdir.
Muzeýiň Garaşsyzlyk bölüminde Garaşsyzlyk zamanasynda türkmen suratkeşleriniň döreden eserleri hem-de biziň halypa suratkeşlerimiziň döreden eserlerinden Garaşsyzlygymyzy arzuw eden nusgawy şahyrlarymyzyň keşpleri bilen jemlenýär.