Bahar paslynyň ilkinji baýramy bolan Halkara zenanlar güni Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaralar we baýramçylyk konsertler bilen uludan bellenip geçilýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde mart aýynyň 6-da Halkara zenanlar güni mynasybetli erkin suratkeş zenanlarynyň el işleriniň döredijilik sergisi gurnaldy.
Medeniýet we sungat işgärleri öz döredijiligi bilen bu baýramçylyklara öz goşandyny goşýarlar. Muzeý işgärleri hem öz gezeginde türkmen sungatynyň taryhyna giren nusgawy eserleri sergä çykaryp, geljekki ýaş nesil suratkeşlere sekillendiriş sungatyny synlap özleşdirmekleri üçin mümkinçilik döredýärler.
Türkmenistanyň Medeniýet munistrliginiň garamagyndaky ýörite çeperçilik we sungat orta hünär okuw mekdeplerinde hem-de çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda “Reňklere siňen gözellik” atly çeperçilik bäsleşigi yglan edildi.
Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ilkinji zenanlar guramasynyň geçirmeginde «Mähriban eneler» atly wideo rolik bäsleşigi geçirildi.