“Reňklere siňen gözellik” atly çeperçilik bäsleşigi

Türkmenistanyň Medeniýet munistrliginiň garamagyndaky ýörite çeperçilik we sungat orta hünär okuw mekdeplerinde hem-de çagalar çeperçilik we sungat mekdeplerinde bilim alýan okuwçylaryň arasynda “Reňklere siňen gözellik” atly çeperçilik bäsleşigi yglan edildi. Bäsleşigiň jemi 2023-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirildi. Bäsleşige gatnaşyp ýeňiji bolan okuwçylary, talyp ýaşlary Türkmenistanyň Medeniýet munistrliginiň wekili Diplomlar, Hormat hatlary hem-de sowgatlar bilen sylaglandylar.
Ozalky sahypa Indiki sahypa