“Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýokary okuw, orta hünär okuw mekdeplerinde bilim alýan talyp gyzlaryň arasynda geçirilýän “Talyp gözeli” bäsleşigi Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebinde geçirildi.
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi.
Halkara zenanlar güni mynasybetli, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde baýramçylyga bagyşlanyp Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi muzeý gymmatlyklaryndan düzülen göçme sergi gurnady.