Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen sekiz we ondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren enelere “Ene mähri” diýen hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Dabarada Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi hem özüniň ajaýyp eserlerinden göçme sergisini gurnady. Sergide eneler dünýäniň bezegi, eneler mähir ummany, eneler sözlese dünýä mähre beslenýändiginiň aýdyň nyşany boldy.