Garaşsyzlyk biziň iň gymmatly baýlygymyzdyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Bary ýogy 32 ýylyň içinde Garaşsyz Türkmenistan döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Asmanymyzyň asudalygy, gündüzleriň we gijeleriň parahat geçýändigi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren peşgeşi bolup, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň “Döwlet – adam üçindir!” diýen şygarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň subutnamasydyr.
Eziz Diýarymyzyň syýasy gurluşynyň, medeni-jemgyýetçilik aýratynlyklarynyň, ylmy-intellektual baýlyklarynyň, ykdysady institutlarynyň ähli amatlyklaryny özünde jemleýän, Garaşsyz döwletimiz görlüp-eşidilmedik derejede ösýär.