Dünýä halklaryny haýrana goýmak bilen gazanylan ýokary netijeler türkmen alabaýlaryny sungat derejesine ýetirilendigini görkezýär. 2017-nji ýylda ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde “ Wepaly” atly türkmen alabaýynyň seçilip alynmagy, dürli ýyllarda Goňurdepede we Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde gulak- guýrugy kesilen alabaýlaryň heýkelleriniň tapylmagy munuň hakykatdan hem şeýledigini görkezýär.