Dünýä halklaryny haýrana goýmak bilen gazanylan ýokary netijeler türkmen alabaýlaryny sungat derejesine ýetirilendigini görkezýär. 2017-nji ýylda ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany hökmünde “ Wepaly” atly türkmen alabaýynyň seçilip alynmagy, dürli ýyllarda Goňurdepede we Altyndepede geçirilen gazuw-agtaryş işlerinde gulak- guýrugy kesilen alabaýlaryň heýkelleriniň tapylmagy munuň hakykatdan hem şeýledigini görkezýär. Türkmen bedewiniň hem- de türkmen alabaýynyň baýramynyň her ýyl giňden bellenilmegi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda alabaýlara näderejede aýawly çemeleşilýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Medeniýet ministirligi Türkmenistanyň agrar partiýasy bilen bilelikde “Türkmen Alabaýy- Merdanalygyň nusgasy” atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlediler, we birnäçe ýeňijilere hormat haty we sowgatlar bilen sylagladylar. Dabara gatnaşanlar ýurdumyzyň halkara abraýny barha ýokary galdyrýan Hormatly Prezidentimize alkyşlarny aýdýarlar!