” Gyz edebi gyzyl gül” atly tele ýazgy.

Gözbaşy müňýyllyklary boýlaýan türkmen durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip ene-mamalarymyzdan asyrma-asyr, nesilme-nesil geçip ajaýyp döwrümize gelip ýeten el hünärlerimiz zenan terbiýesinde aýratyn möhüm oruna eýedir. Gözelik dünýäsini dörejiler türkmen zenanlary gyz maşgalanyň edep-terbiýesinede maşgala mukaddesligi ahlak gymmatlyklaryny döretmekde nesil terbiýelemekde watansöýüjilikde nusgalyk ýoly dowam edýärler. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Ilkinji Zenanlar guramasy bilen bilelikde maşgala mukaddesligini hem-de edep terbiýe kadalaryny wagyz nesihat etmek maksady bilen ” Gyz edebi gyzyl gül” atly tele ýazgy geçirildi. Söhbetdeşlige Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby “Miras” teleýaýlymynyň alyp baryjysy Aýperi Mollaýewa, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Oguljemal Çaryýewa, Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiň esasy hünärmeni, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzasy Laçyn Tosyýewa gatnaşdylar. Öňdebaryjy zenanlar döwletli işleri durmuşa geçirýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlarny aýdýarlar!
Ozalky sahypa Indiki sahypa