Hormatly Prezidentimiz söz ussadyna: „Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr“ diýip, örän ýokary baha berýär. Hakykatdan hem dana Magtymguly atamyzyň arzuwlan berkarar döwletimiziň binýady berkden tutuldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly üns berilýär. Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym-bilimiň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilmegi bilen aýrylmaz baglydyr.