Hormatly Prezidentimiziň parasatly Baştutanlygynda ähli ulgamlarda bolşy ýaly ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly üns berilýär. Her bir döwletiň we jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi ylym-bilimiň döwrüň ruhuna laýyk derejede ösdürilmegi bilen aýrylmaz baglydyr. Amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeltmek, olarda watansöýüjiligi, ynsanperwerligi pugtalandyrmak babatda aýratyn uly ähmiýete eýedir. 2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda, Türkmenistanyň Myrat Garryýew adyndaky Lukmançylyk uniwerstetinde göçme sergi gurnaldy. Sergide Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň sungat eserlerinden, A. Hajyýewiň „Magtymguly halk arasynda“, M. Ýagşymyradowyň „Ahalteke bedew, Melehan“, Ç. Öwwäýewiň „Pellehanaň öň ýanynda“, Ý. Baýramowyň „Düýeler“ atly ajaýyp sungat eserleri sergilendi. Talyp ýaşlar döwrebap bilim almaga döredip beren ajaýyp mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimize alkyşlarny beýan edýärler.