Hormatly Prezidentimiz söz ussadyna: „Magtymguly Pyragy synmaz, özygtyýarly türkmen döwletini, agzybirligi, jebisligi arzuw eden hakyky watançydyr“ diýip, örän ýokary baha berýär. Hakykatdan hem dana Magtymguly atamyzyň arzuwlan berkarar döwletimiziň binýady berkden tutuldy. Ata watanymyz bagtyýarlygyň, asudalygyň, dost - doganlygyň dabaralanýan medeniýetimiziň we sungatymyzyň galkynýan mekanyna öwrüldi. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde „Ýurdumyzyň ösüşleriniň beýany“ atly tele ýazgy geçirildi. Tele ýazgyny alyp baran „Aşgabat“ teleýaýlymynyň alypbaryjysy Aýgül Çaryýewa, söhbetdeşlige gatnaşanlar: „ Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphanaçysy“ Gülşat Gurbanowa, „Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hünärmeni“ Gültäç Çaryýewa, „ Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň kitaphanaçysy“ Dürnabat Baýlakowa gatnaşdylar. Ýürekleri watan söýgüsinden doly zenanlarymyz, Magtymguly atamyzyň arzuwlan berkarar döwletiniň binýadyny berkden tutan Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan beýik işleri dogrusynda täsirli söhbetler etdiler. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň zenan kalbyndan çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.